Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynda halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy bilen bagly mesele ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän önümler bu günki gün dünýä bazarlarynda hem uly orny eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň gurlup, işe girizilmegi hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň barha kämilleşdirilýändigini görkezýär. Şonuň bilen birlikde keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny subut edýär.