Körükli peçler

16 Oktýabr 2024
432

Geçmişde ata-babalarymyz demir işläp bejermegiň usul-tärlerinden gowy baş çykarypdyrlar. Mysal üçin, körükli peçlerde eretmesi kyn demir böleklerini eredip guýmak arkaly galyplara salyp, dürli-dürli şekilleri ýasapdyrlar. Pil, palta, kätmen ýaly iş gurallaryny, öý goşlaryny ýasamakda körükli peçler giňden ulanylypdyr.

«Körük» sözi köreýji, köremek manysyndan gelip çykýar. Körükli peçlerde ody köretmek, howruny güýçlendirmek körügiň esasy ýerine ýetirýän işidir. Körügiň basgany bolsa onuň esasyny düzýär. «Basgan» sözi basmak, basyp, herekete getirmek manysyny aňladýar. Ata-babalarymyz gurluş, ýasalyş, görnüş aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutlanýan bir we iki ganatly basganlary bejerip ulanypdyrlar. Olaryň aýratynlygy, iki ganatly basganlarda ganaty gezekli-gezegine herekete getirip, közi, ody yzyny üzmän, köretmeli bolýar. Bir ganatly basganlar ganatlarynyň ýekedigi sebäpli öňe herekete getirilen wagty meşige ýel sorulýar, diňe yza herekete getirilen wagty ody köräp bolýar.

Ziberjet HAZRATOWA,
Çärjew etrabyndaky 49-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar