Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

15 Oktýabr 2024
429

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýurdumyzyň gümrük edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän işler has-da guwandyrýar.

Häzirki wagtda gullugyň düzüminde hereket edýän «ASYCUDA World» utgaşdyrylan maglumatlar ulgamy, elektron we maglumat ekranlary, barlag rentgen enjamlary we «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumatlar ulgamy ýurdumyzyň daşary söwda-haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplara amatly ýeňillikleri döretmäge uly ýardam berýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligini hem döretdi.

Süleýman KAŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar