Kämilligiň berk binýady

15 Oktýabr 2024
469

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylymdyr bilime täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi hökmünde ýokary baha berýär. Şonuň üçin hem milli bilim we ylym ulgamlarynyň işiniň hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýlelikde, bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän yzygiderli aladalaryň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda we pugtalandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Netijede, çagalar okatmagyň iň kämil okuw enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynyň eýeleri boldular. Olarda ýaşlar halkara ölçeglerine laýyk bilim öwrenýärler, milli ruhumyza laýyk terbiýelenýärler. Soňra bolsa arzuwlan hünärlerini ele almak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirýärler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyndaky çuňňur özgertmeleri ýurdumyzyň köptaraply ösüşlerini täze belentliklere götermek, jemgyýetimizde sazlaşykly ösüşi gazanmak, ýokary tehnologiýalary durmuşymyza giňden ornaşdyrmak ýaly asylly maksatlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyny hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda, bu ulgamda özgertmeleri geçirmekde öňde durýan wajyp wezipeler aýdyňdyr.

Alma TOGALAKOWA,
Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar