Çagalarda tebigata söýgi döretmek

15 Oktýabr 2024
582

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalary görýän, eşidýän, bolýan wakalar bilen ýakyndan tanyşdyrmak, öwretmek, düşündirmek ilkinji zerurlyklaryň biridir. Çaga başlangyç synpa barmazyndan öňürti mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklar boýunça ýönekeýje düşünjeler öwredilýär. Olary çaganyň oňat özleşdirmegi üçin terbiýeçiler görkezme esbaplaryndan, gezelençlerden peýdalanýarlar. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagymyz boýunça çagalara häzirki paslymyz barada giňişleýin düşünjeleri berýäris. Güýz paslynda ene toprakdan hasyllaryň ýygnalýandygy barada gürrüň berilýär. Gawun, garpyz, pagta, käşir, üzüm we beýleki ekinleriň ýyglyp, ýerleriň geljekki hasyl üçin sürlüp, taýýarlanyp goýulýandygy barada aýdýarys. Çagalar özleriniň iýýän gawun, garpyz, alma, şetdaly, pomidor... ýaly miwedir gök-önümleriniň atlaryny sanaýarlar. Bu sapak boýunça çagalara öz halaýan miweleriniň suratlaryny çekmegi öwredýäris.

Güýz paslynda howanyň sowamagy bilen guşlaryň hem ýyly ýurtlara uçup gidýändigi barada slaýd şekilleriniň üsti bilen gürrüň berýäris. Olara gündelik görýän guşlarynyň atlaryny sanadyp, nähili guşlary bilýändikleri hakynda gürrüň berdirýäris. Olara tebigat bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamalydygy, janly-jandarlara hiç hili zyýan ýetirmeli däldigi barada hem düşündirýäris. Körpelere baglary, gülleri köp ekmelidigini, ekilen ösümliklere suw berip, olaryň düýbüni hemişe ýumşadyp, arassalamagyň peýdaly taraplaryny aýdýaryn, otaglarda ýetişdirilýän güllere hem ideg etmegi öwredýäris.

Jennet AMANMYRADOWA,
Sarahs etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar