Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri

11 Oktýabr 2024
343

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bezegleriň nepisligi we ajaýyplygy, gatnaşyjylaryň lybaslary bilen reňk sazlaşygyny emele getirýän gurşaw hem-de meýdançanyň tutuş giňişligine dolýan nusgawy sazlar Wena balynyň dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi. Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar