Medeni hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

11 Oktýabr 2024
398

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletara döredijilik hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi diýseň begendirýär. Bu gün türkmen-awstriýa döredijilik hyzmatdaşlygynyň hem barha rowaçlanýandygyny Wena balynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena balynyň açylmagy, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy biz — medeniýet-sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy.

Wena balynyň iki ýüz ýyla golaý taryhynyň bardygyny, onuň Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup durýandygyny, geçen döwürde dünýäniň köpsanly ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrülendigini bellemek ýakymly. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda VI Wena balynyň Arkadag şäherinde geçirilýändigi hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Dostlukly türkmen-awstriýa halklarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmekde bu medeni çäräniň ähmiýeti uludyr.

Parahat AŞYRBERDIÝEW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazarýeti bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar