Gazak we türkmen halklarynyň durmuş däp-dessurlaryndaky ýakynlyklar baradaky gürrüň bilen hiç kimi geň galdyryp bolar öýdemzok. Ýöne gazaklaryň dürli dessurlarynyň atlandyrylyşyny eşideniňde, alys asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu ýakynlyk biygtyýar köňlüňi özüne imrindirýär.
«Ýedi arkaňy bilmek» halkymyzda nesilden-nesle dowam edip gelipdir. Gazaklarda bu dessur «žeti ata» diýlip atlandyrylýar. Bir gowy wakany habar bermäge, buşlamaga bizde «söýünji» hem diýilýär. Gazaklar bolsa muňa «Suýynşi» diýýärler.