Welaýat köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabara tejribeli lukmanlar, Türkmenabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, dermanhana we S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň işgärleri hem-de Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatyndan we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ilata ýokary hilli bejeriş, maslahat beriş we anyklaýyş kömegini bermekde has tapawutlanýan saglygy goraýyş işgärlerini maddy we ruhy taýdan höweslendirmek maksady bilen geçirilen dabarada lukmanlaryň çykyşlary diňlenildi.