Şepagat uýalary bäsleşdiler

10 Oktýabr 2024
416

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Iň göreldeli şepagat uýasy» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşanlar, ilki bilen, özlerini çeper sözler, goşgular arkaly  tanyşdyrdylar. Soňra saglyga degişli goşgulary ýatdan labyzly aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik  kitabyndan melhemleriň taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Özleriniň alyp barýan işlerinden bir parçany sahnada janlandyrdylar.

Täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, welaýat enäniň  we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şepagat uýasy Mähri Tuwakowa birinji,  welaýat stomatologiýa merkeziniň şepagat uýasy Bahartäç Tuwakowa ikinji, welaýat köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa bölüminiň şepagat uýasy Uzukjemal Ýelhanowa we Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň  şepagat uýasy Ýazgül Täzegurbanowa üçünji orunlara mynasyp boldular.   

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,
«Balkan». Surata düşüren Alýona Pakulowa.
Beýleki habarlar