Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasy

10 Oktýabr 2024
366

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mollagara şypahanasynda Balkanabat şäher häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, asuda Watanymyzyň waspyny edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ösüşleri açyp görkezýän sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Olara Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik  kitabynda beýan edilýän ot-çöplerden taýýarlanan melhemlik çaýlar hödür edildi. Medeni çäräniň dowamynda göreldeli zähmet çekýän lukmanlara we şepagat uýalaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Suraý Täçmämmedowa.
Beýleki habarlar