Çarşenbe güni Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
“Häzirki wagtda uly ösüşleri başdan geçirýän milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary özüniň binýadyny düýpli berkitdi. Munuň özi köp babatda iri özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça kabul edilýän çäreler we ornaşdyrylýan öňdebaryjy tejribeler bilen şertlenýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda bu ulgamda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.