Çagalyk bilen ýüzbe-ýüz

9 Oktýabr 2024
494

Iň üýtgewçil zat arzuw. Has-da çagalykda. Çünki ynsan çagalykda diýseň arzuwçyl bolýar, özi-de bir ýa-da iki arzuw bilen kanagat etmän, arzuwlar ummanynda gulaçlap ýüzýär. Şonuň üçin hem islendik adam öz ýanyndan arzuwlary hakynda pikir ýüwürtse, biygtyýar çagalygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Biz hem ýaş döwürdeşlerimiziň arzuwlaryny aýdyňlaşdyrmagyna ýardam eder diýen umyt bilen «Halypalar çagalygyny ýatlaýar» atly sahypamyzda täze bir gahrymanyň çagalyk dünýäsine ýüzlenýäris. Biziň bu gezekki gürrüňdeşimiz Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly KASYMOW.

«Çagalygymdan başlanan dünýäm hakynda gürrüň etmek bagtyndan ýüz öwrüp bolmaz-a!» diýip, teklibimizi göwünjeňlik bilen kabul eden ilhalar artistimiziň hoşgylawlygy bizi juda begendirdi. Dem salymlyk sag-amanlyk soraşmadan soň, kärine mahsus şahandazlyk bilen halypa özüniň döredijilik ýoly hakynda gürrüňe başlady:

Maksat HUDAÝBERDIÝEW,
«Güneş».
Beýleki habarlar