Sungat älemindäki ýaşajyk ýyldyz

9 Oktýabr 2024
426

Aýdym-saz — sungatyň iň bir inçe, özboluşly görnüşleriniň biri. Saz ynsanyň ýüregini galkyndyrýar, ajaýyp işlere ruhlandyrýar. Ussat sazandalaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň sungat älemine çagalygyndan başlandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Hut şonuň üçin hem ýaşlygyndan saz sungaty bilen meşgullanýan ýaş nesillerimiziň kändigine diýseň buýsanýarsyň. Şeýle jigilerimiziň biri-de, zehinli sazanda — Aýnur Otuzowa.

Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 12-nji synpynda okaýar. Fortepiano ugry boýunça okaýan zehinli jigimiz heniz alty ýaşyndaka pianino çalmaga başlaýar. Aýnuruň ejesi sazanda bolansoň, gyzjagazyna kiçiliginden saz çalmagy öwredýär. «Fortepiano saz guralynda saz çalmaga bolan höwesim hem ejemiň maslahatlary esasynda döredi. Maşgalamyzda ejem we jigim Döwletmyrat sazanda. Jigim hem ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synpynda okaýar. Ejem meniň saz çalmaklyga, şeýle-de surat çekmeklige bolan höwesimi aňyp, «Geljekde kim bolasyň gelýär? Suratkeşmi ýa-da sazanda?» diýip sorady. Men «Sazanda» diýip jogap berdim. Şondan soň ejem meniň sazanda bolup ýetişmegim üçin kän yhlas etdi» diýip, Aýnur gürrüň berýär.

«Güneş».
Beýleki habarlar