Eprik

9 Oktýabr 2024
492

Türkmen halkynyň gadymy çarwa durmuş terzini, edim-gylymlaryny öwrendigiňçe, onuň bir ylymdygyna göz ýetirýärsiň. Esasan hem, çarwa tagamlarynyň taýýarlanyşyna üns berseňiz, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribesine haýran galýarsyň. Olar dürli görnüşli azyk önümlerini uzak wagt saklamagyň abyny-tabyny ele alypdyrlar. Ýazlag mahaly bol bolan süýt we süýt önümlerini isrip etmezden, dürli tagamlary taýýarlapdyrlar.

Şol tagamlaryň biri hem eprikdir. Ol gatygyň ýa-da çalyň üstüne süýt guýlup, turşadylýan süýt önümidir. Taýýar bolanda bu önümde uýamak arkaly köpürjikler emele gelýär. Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde» «eprik» sözüniň «üprük, üpür» sözlerinden dörändigi hakynda aýdylýar. Şeýle usulda turşadylan süýt önüminiň ady «ebruk» görnüşde Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat-et türk» eserinde hem gabat gelýär.

Nurtäç HALMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar