Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

7 Oktýabr 2024
320

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkieýden we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 10 million 395 müň amerikan dollaryna deň boldy.

Beýleki habarlar