Şu ýyl Azerbaýjanyň Italiýa 9,6 milliard kub metr tebigy gazy eksport etmegine garaşylýar. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen Italiýanyň daşky gurşaw we energiýa howpsuzlygy ministri Žilberto Piketto-Fratiniň arasynda Braziliýada geçirilen duşuşyga esaslanyp, «Trend» habar berýär.
Ýeri gelende, 2023-nji ýylda Italiýanyň Azerbaýjandan 9,988 milliard kub metr tebigy gaz satyn alandygyny bellemek gerek.