Sanly bank hyzmatlary: halkara tejribeler we milli ýörelgeler

7 Oktýabr 2024
388

Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň näderejede çalt ösýändigini bu ugurlardaky özgertmeleriň durmuşymyza günsaýyn ornaşýandygyndan hem görmek bolýar. Şoňa görä-de, sanly ulgama bu günki gün ösüşiň hereketlendiriji güýji diýilse, dogry bolar. Çünki häzir dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň aglaba bölegi sanly ulgamyň çygrynda amal edilýän işleriň netijesinde ýeňilleşýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňde durýan wezipeler ýurduň ykdysady ösüşini, senagaty, hyzmatlar ulgamyny, söwdany hem-de beýleki ulgamlaryň işini ilerletmäge itergi berjek täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr.

Türkmenistanda sanlylaşdyrma döwrüne netijeli taslamalar bilen gadam basyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, maliýe-bank ulgamynda dünýä tejribesine kybap gelýän sanly hyzmatlary işläp taýýarlamak we bar bolanlaryny has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Ýurdumyzyň tejribesinde ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak konsepsiýasy geljekde uly taslamalary, şol sanda sanly bank hyzmatlarynyň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagyny özünde jemleýär. Şu günüň nukdaýnazaryndan seljerilende, sanly bank hyzmatlarynyň umumy ösüşi ýokary bolup, raýatlar üçin oňaýlylygy döredýän özgertmeler amala aşyrylýar. Sebäbi maglumat ulgamlary tehnologiýalary pudagynda, tehnologik ösüşiň täzeçil ugurlaryny ýola goýmakda türkmen tejribesi baýlaşýar. Dünýädäki özgertmeler bilen deň derejede ösmegi nazarlaýan çemeleşmeler oňyn netije berýär.

Aýna AÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Maglumat we tilsimatlar müdirliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar