Behişdi bedewler – baýramlaryň bezegi

4 Oktýabr 2024
403

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bagtyýar türkmen halkyna buýsanara, guwanara zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasydyr. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün dünýäni haýran galdyrýar» diýip nygtaýar. 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralary bu hakykaty ýene bir ýola äleme aýan etdi.

Elbetde, baýramlarda we şanly senelerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi geçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. At çapyşyklary diňe bir atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, bedewleriň gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary toýlaryň bezegi bolmak bilen, atşynaslaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, atlaryň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge-de mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At – ýaryşda, är – söweşde», «At – ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» ýaly nakyllar halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasynyň näderejede belentdiginden habar berýär.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar