Ýurt ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri il-gün bilen maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek türkmeniň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda – 24-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Taryhy ähmiýetli mejlisde il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribämizden ugur alnyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmek, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm wezipeleri kesgitlemek babatynda döwletli başlangyçlar we çözgütler kabul edildi.
Umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiň hem rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Asylly däbe öwrülen bu halk bähbitli maslahatyň gönüden-göni ilimiziň abadan durmuşy hakyndaky alada ýugrulmagy her birimiziň kalbymyzda bagtyýar ýurduň raýatydygymyza bolan çäksiz buýsanjy döretdi.