Milli buýsanjymyz

4 Oktýabr 2024
377

«Milli buýsançlarymyzyň biri bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ajaýyp zamanamyzda türkmen atşynaslyk sungaty täze ösüş ýoluna düşdi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende göterildi. Atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, saýlama ahalteke bedewleriniň tohumyny kämilleşdirmek, arassa ganly bedewleriň tohumynyň seleksiýasynyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullaryny özleşdirmek, bedewleri halkara ýaryşlara taýýarlamak we beýleki birnäçe ugurlar boýunça tutumly işlere badalga berildi.

Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary pederlerimiziň atşynaslyk, seýisçilik boýunça bize galdyran gymmatly mirasyny öwrenmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Ogulgözel NAZARDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň iňlis dili mugallymy.
Beýleki habarlar