Halkara maliýe giňişliginde Türkmenistanyň orny pugtalanýar

4 Oktýabr 2024
377

Bu gün Türkmenistan dünýä maýadarlary we eksportýorlary üçin özüne çekiji ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde 10-11-nji sentýabrda geçirilen TIF-2024 Maýa goýum forumy munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklady. Bu halkara maýa goýum maslahaty döwlete degişli guramalar, iri işewür toparlary we halkara maliýe institutlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin döredilen giň meýdança bolup, ol ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga, geljegi uly bolan ugurlarda dürli ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam berdi.

XXI asyrda döwletiň milli ykdysady ösüşi köp babatda ýurduň ylmy-tehnologik mümkinçiliklerine bagly bolup durýar. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzda maýa goýum we innowasion işjeňligiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda jemi içerki önümiň düzüminde maýa goýumlaryň tutýan paýynyň 20 — 30 göterime deň bolmagy onuň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar