Dünýäde ekerançylygyň mekany bolan obalaryň geografik ýerleşişi, binagärlik aýratynlyklary taýdan görenleri haýran edýän birnäçesi bar. 2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, dünýä ilatynyň 3,42 milliardy obada ýaşaýar. Biz hem gazetimiziň şu sanynda dünýäniň iň owadan obalary barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Burtanž, Niderlandlar. Westerwald şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu obada 430 adam ýaşaýar. Ýyldyza meňzeş bu täsin oba 1593-nji ýylda harby gullukçylaryň ýaşamagy üçin esaslandyrylypdyr. Tutýan meýdany 0,21 inedördül kilometre barabar bolan bu obada 133 sany ýaşaýyş jaýy bar. Niderlandlar bilen Germaniýanyň serhedindäki ýyldyza meňzeş oba niderlandlaryň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Bu kiçijik obada merkezi bazar meýdançasy, köp sanly dükanlar, kafeler we restoranlar bar.