Ýol goýan ýyldyz

3 Oktýabr 2024
422

Ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatynda halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berilýär. Bu ugurda ýatlanmaga mynasyp halypalaryň biri-de meşhur estrada aýdymçysy Röwşen Hallyýewdir.

Gysga ömründe halkyň söýgüsini gazanan aýdymçy Röwşen Hallyýew 1966-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda dogulýar. Onuň kakasyna Täçguly aga diýipdirler. Ejesi Nargül daýza tebipçilik bilen meşgullanypdyr. Bir gün olara Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasow derdine şypa gözläp barypdyr. Şonda Röwşen gundagdaky çagajyk eken. Halypa bagşy çagajygyň sesini eşidip, onuň bagşy bolmagyny arzuw edipdir.

Abdykerim TAGANGYLYJOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar