Garaşsyz Türkmenistan dünýä nur saçýar

3 Oktýabr 2024
427

Türkmenistan ägirt ösüşler, şanly wakalar, dabaralar bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny garşy aldy. Bu uly baýrama eltýän her dem, pursat milletiň ruhy göterilişinden habar berýär. Ynsan ýaşaýşy üçin köňül joşgunyndan, rahatlykdan, toýly günlerden uly bagt barmy?!

Gahryman Arkadagymyz «Dowam bolsun!» şygrynda: «Durmuş bir kitap ýalydyr» diýip ýazdy. Durmuş Kitaby! Oňa näme ýazylsa, şony okap bolar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu kitaba bagtyýarlyk hem gülläp ösüş baradaky uly taryh ýazylýar. Bu taryhy dünýä okaýar we ondan ýaşaýşyň kämil nusgasyny görýär. Bu taryhy geljek nesiller okar we şonuň bilen olaryň köňülleri buýsançdan dolar, öňlerinde mertebeli durmuşa ýetmegiň, ony gorap saklamagyň syrlary açylar. Eýsem, şeýle durmuşy ybarat etmegiň gözbaşynda duran güýç nämedir?

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar