Nurana ýüzler — sagdynlygyň aýnasy

2 Oktýabr 2024
480

Oglanlaryň jahyllyk çaglarynda, gyzlaryň kämillik ýaşyna ýeten mahallarynda ýüzünde emele gelýän düwürtikler belli-belli sebäplere görä, deridäki ýag mäzleriniň işjeňliginiň kadadan ýokarlanmagy netijesinde ýüze çykýan näsazlyklardyr. Düwürtikleri bejermegiň ugur-ýollary kän. Emma beden gurluşlaryň biri-birine meňzeş bolmaýşy ýaly, olary bejermek hem dürli-dürlüdir.

Düwürtikleriň käbirine derman serişdeleri haýyr etse, käbir görnüşine tebigy ýapgylar peýda edýär. Kähalatlarda olaryň ters täsir etmek ähtimallygy hem bardyr. Şonuň üçin bu meselede deri-wenerolog lukmanlara ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Nadira MEŇLIÝEWA,
welaýat deri-wenerologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar