Milli medeniýetimiziň gözýetimleri

2 Oktýabr 2024
408

Garaşsyzlyk! Goýnunda milletiň mährini, atalaryň pähimini, halkymyzyň bagtyny jemleýän bu keremli söz berkarar Diýarymyzda zamananyň zybanyna, ömürleriň dowamyna öwrüldi. Heňňamlaryň hikmetini heň edinen, Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýen pähimine uýup, umytlara atlanan mähriban halkymyz indi 33 ýyldan bäri Garaşsyzlygyň eşretli hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mazmunly taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda okgunly ösüşler bilen nurana geljege tarap ynamly gadam urýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiziň keşbiniň düýpli özgermegi, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurulmagy, ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalaryň işe girizilmegi milletiň ykbalyna nur çaýdy. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşleri milletiň ruhy dünýäsiniň binýady bolan milli medeniýetimiziň pajarlap ösmegine ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürlerinden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkdyr» diýip bellemegi milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidigine, umumadamzat medeniýetiniň ösmeginde mynasyp paýynyň bardygyna güwä geçýär.

Agamyrat SOLTANOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar