Ýurdumyzyň islendik ulgamynyň ösdürilmegi onuň hukuk binýadynyň berkidilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hukuk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär. Kabul edilýän maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän demokratik ýörelgeleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşleri, il-halkyň bähbitlerini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendiginiň aýdyň beýanydyr.