Zähmet çekseň — il tanar

30 Sentýabr 2024
386

Halkymyz il-gün üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän adamlara hormat, sarpa goýýan halkdyr. Il-günüň şeýle uly hormatyndan peýdalanýan watandaşlarymyzyň biri hem Gyzylarbat etrabynda ýaşaýan mugallym Eýeberdi Täçmyradowdyr. Sekiz onlugy arka atan Eýeberdi aga bilen duşuşmak üçin öýüne baranymyzda, halypanyň iş stolunyň üstünde duran birnäçe kitaplarda we Hormat hatlarda gözümiz eglendi. Biz onuň bilen içgin söhbet edip başlanymyzda, ol türkmen ýaşulusyna mahsus pessaý sesi bilen özüne degişli birnäçe maglumatlary we fotosuratlary emaý bilen bukjanyň içinden çykaryp, zähmet we durmuş ýoly barada gürrüň berdi:

—1942-nji ýylda Gyzylarbatda demirýolçular maşgalasynda dünýä inip, şol ýerde terbiýelendim. 1958-nji ýylda Bäherden etrabynyň Bamy obasyndaky 18-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlap, şol ýyl Aşgabat şäherindäki Ýer gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň hasabat bölümine synagsyz okuwa kabul edildim. Ony 1960-njy ýylda tapawutlanan Diplom bilen tamamladym.

Maksat IŞANTAÝEW,
Gyzylarbat etrabyndaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar