YKRARA MYNASYP ZEHINLER

26 Sentýabr 2024
422

Mälim bollşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli şu günler ýurdumyzda dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, žurnalistler, yazyjy-şahyrlar, aýdymçy-sazandalar, mahlasy, milli medeniýetimizin we sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan zehinleriň aglabasy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.

Bu bäsleşigiň ýenijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň aglabasynyň dörediji ýaşlar bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gursagyny Şa serpaýlary — altyn güýzüň ýalkymy bilen utgaşýan altyn zynjyr bezäp duran döredijilik işgärleriniň zybanynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlanýar.Ýeri gelende, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda biziň «Dünýä edebiýaty» żurnalymyzyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Gülşat Orazmyradowanyň hem bolmagy, döredijilik işgärlerimiziň ählisiniň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. «Meniň  ujypsyz zähmetime uly baýragyň — Şa serpaýynyň berilmegi, yüregimdäki menzilli maksatlarymyň ýaýrawyna has-da bat berdi. Şa serpaýy geljekde has döredijilikli we ruhubelent işlemegime hyjuw berdi. Şeýle uly baýraga — Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde ýeňiji bolmagym, diňe meniň şahsy zähmetime däl, eýsem, tutuş döredijilik toparymyzyň jogapkärli işine berlen baha diyip düşünýärin. Döredijilgiň syrly dünýäsindäki  yhlasly zähmetime beren şeýle uly bahasy ücin hormatly Prezidentimize alkyşymyň, hoşallygymyň çägi ýok» diýip, kärdeşimiz Gülşat Orazmyradowa öz köňül joşgunyny biziň bilen paýlaşdy. Şeýle-de ýaňy-ýakynda sungat we döredijilik işgärleriniň aglabasy döwlet sylaglaryna — ordendir-medallara, hormatly atlara mynasyp boldular. Sylaglaryňyz, baýraklaryňyz gutly bolsun, kuwwatly döwletimiziň ykrara mynasyp zehinleri!

Dursun Tekäýewa,
«Dünýä edebiýaty»
Beýleki habarlar