«Bäşörüm»

30 Sentýabr 2024
520

Ady köplere tanyş bolan bu dükan konditer sungatynyň iň oňat däplerine eýerýär we ýokary hilli, tagamly önümleri öndürýär. «Bäşörüm» konditer we çörek önümlerini hödürleýän bu dükan ilatyň ähli isleglerini göz öňünde tutup, synagdan geçen tagamlary, ajaýyp konditer önümleriň dürli görnüşlerini halka hödürleýär.

Paýtagtymyzda ýerleşýän «Bäşörüm» konditer we çörek önümlerini hödürleýän dükan ýokary hilli çörek önümlerine we süýjüliklere baýdyr. Ol ýerdäki önümlerden tortlaryň (biskwit, miweli, şokolad kremli, «napoleon», «medowik» we başgalar), tozly we bally çörek kökeleriniň onlarça görnüşi, pirožnylaryň, bulkalaryň, kruassanlaryň hem-de ruletleriň onlarça görnüşlerini agzamak bolar. Şeýle hem çörek önümhanasyndan hemişe täze, gyzgyn çörekleri satyn almak bolýar.

Beýleki habarlar