Ak ýol­lar aba­dan bol­sun!

30 Sentýabr 2024
395

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň jan sag­ly­gy­na, howp­suz­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk hal­ky­my­zyň ra­hat, asu­da dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýol­la­ry­myz he­re­ke­ti düz­gün­leş­di­ri­ji iň hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­ri bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar. He­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len äh­li şert­ler dö­re­di­lip, ýe­ras­ty py­ýa­da ge­çel­ge­le­ri, ýan­ýo­da­lar gu­rul­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy üçin hyz­mat ed­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy taý­dan mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gin­de, ýur­duň içer­ki amat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek­de, ýük da­şa­mak, ýo­lag­çy gat­nat­mak iş­le­ri­ni do­ly de­re­je­de ka­na­gat­lan­dyr­mak­da aw­tou­lag ýol­la­ry il­kin­ji ze­rur­lyk­dyr. Türk­men döw­le­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň, mad­dy-hal ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy bi­len ýur­du­myz­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän iki ta­rap­la­ýyn ga­ra ýol­lar, şä­her­dir et­rap­lar­da tä­ze-tä­ze kö­çe­ler, şa­ýol­lar peý­da bol­ýar. Şu aja­ýyp za­ma­na­nyň asu­da­ly­gy­ny go­ra­mak, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, he­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek her bi­ri­mi­ziň bor­ju­myz­dyr.

We­pa AKY­NY­ÝA­ZOW,
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň iş­gä­ri, içer­ki gul­lu­gyň ma­ýo­ry.
Beýleki habarlar