«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakda Rezolýusiýa kabul edilip, onda dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini biragyzdan ykrar etdi. Bu ýagdaý halkara syýasatynda täze bir sahypanyň açylandygyny buşlady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly täze Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy berkitmek işine mynasyp goşant goşmaga, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply döwlet hökmünde abraýynyň bütin dünýäde ykrar bolmagynyň nobatdaky subutnamasy boldy.