«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerinden ruhlanýan agzybir halkymyz yhlasly, halal zähmetiniň buýsandyryjy netijeleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny garşy aldy. Bu toýa mynasyp goşant hökmünde Ahal welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we onuň garamagyndaky sport edaralarynyň, sport mekdepleriniň hünärmenleri, türgenleri hem buýsandyryjy zähmet üstünliklerini gazandylar.