Dünýä ýaň salýandyr türkmen sporty

30 Sentýabr 2024
378

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da, asu­da as­ma­ny­myz­da par­la­ýan ýa­şyl Tu­gu­my­zyň şug­la­syn­da, tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan spor­ty we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry, ta­ry­hy tu­tum­la­ry, giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri ne­ti­je­sin­de mil­li spor­tu­my­zy ös­dür­me­giň, onuň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­ni ga­zan­ma­gyň düýp bin­ýa­dy­nyň goý­lan­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim ha­ky­kat­dyr. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry, dur­mu­şa ge­çi­ren ägirt uly iş­le­ri esa­syn­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de sport ýur­dy diý­lip yk­rar edil­me­gi­ni bol­sa Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da­ky iň aja­ýyp üs­tün­lik­le­riň bi­ri hök­mün­de buý­sanç bi­len gör­kez­mek bo­lar. Türk­me­nis­tan­da san­ly­ja ýyl­la­ryň için­de gur­lan dür­li sport des­ga­la­ry Di­ýa­ry­my­zyň oba­la­ry­nyň, şä­her­çe­le­ri­niň, şä­her­le­ri­niň be­ze­gi­ne öw­rü­lip, olar ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­me­giň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ro­waç­lan­dyr­ma­gyň, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­me­giň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Wa­ta­ny­myz­da hal­ka­ra we dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň nus­ga­lyk de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi bol­sa ýur­du­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­na ab­raý, şöh­ra­ty­na şöh­rat goş­dy.

Ka­dyr NU­RY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar