«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Watanyňy söýüp, onuň barlygyna guwanyp ýaşamak, her bir üstünligine buýsanyp, oňa öz sesiňi goşup bilmek bagtyň ulusydyr. Aslynda, ata Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy, bagy hem-de bakjasy, dagy hem-de düzi, her bir daban ýeri biziň hemmämiz üçin iň mukaddes gymmatlykdyr. Eziz Watanda her günüň gadyryny bilip, bagtly, eşretli durmuşda ýaşamak, päk hem-de arassa zähmet çekmek ynsan ömrüniň manysyny düzýär.