«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Jemgyýetiň abadançylygyny, döwletiň gülläp ösüşini üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Dünýä derejesinde bu ugurlary ösdürmek, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Berkarar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär.