Hakyky olimpiýa ruhy

29 Sentýabr 2024
375

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024

XXXIII to­mus­ky Olim­piýa oýun­la­ryn­y syn­lan pur­sat­la­rym me­ni ça­ga­ly­gym­da to­ma­şa eden, he­mi­şe­lik ýa­dym­da ga­lan bir mul­tip­li­ka­si­on fil­mi­ aňym­da jan­lan­dyr­dy. 1980-nji ýyl­da Mosk­wa­da ge­çi­ril­me­li to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nyp, 1979-njy ýyl­dan baş­lap ek­ran­la­ra goý­be­ri­len ol gys­ga­jyk film «Kim baý­rak al­sa» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar­dy. On­da di­ňe ýa­ryş­da öz bäh­bi­di­ni öňe sür­män, yl­gaw­da şi­kes alan, ýy­ky­lan ýol­daş­la­ry­na kö­me­ge ýe­tiş­ýän, ýol­da hö­würt­ge­den ga­çan guş jüý­je­ji­gi­ni hö­würt­ge­si­ne gal­dy­ryp ber­ýän, özi bi­len deň ýa­ry­şyp bar­ýan kir­pi­ji­ge suw­ly päs­gel­çi­lik­den ýü­züp geç­mä­ge kö­mek ed­ýän aýy­jyk baý­rak eýe­si bo­lup, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edil­ýär­di.

Je­ren AB­DUL­LA­ÝE­WA,
TDBSI-niň sport žur­na­lis­ti­ka­sy hü­nä­ri­niň ta­ly­by.
Beýleki habarlar