Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýygnanyşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Häzirki wagtda bilim öwretmegiň, okatmagyň döwrebap ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň üçin hem bu günki gün bilim işgärleri ýaş nesliň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredijilikli zähmet çekýärler. Dabaraly ýygnanyşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.