«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024
Bäherden etrabynda ähli amatlyklary özünde jemleýän 350 orunlyk sport mekdebi gurlup ulanmaga berlen gününden bäri, onda ençeme sport ýaryşlary, sportda gazanylan netijeler barada wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şany Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Bäherden etrap sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalary etrabyň TDP-nyň işgärleriniň, etrap KA-nyň hünärmenleriniň, etrap MAÝG-nyň işjeň agzalarynyň we sport mekdebiniň halypa tälimçileridir türgenleriniň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk bilen galkynan türkmen sporty» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar öz çykyşlarynda alnyp barylýan tutumly işleriň many-mazmunyny düşündirdiler hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň sportda gazanylan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.