«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Dünýä sportunyň döreýiş we ösüş taryhyna nazar aýlanymyzda, biz dürli halklaryň arasynda ýüze çykyp, özüniň kämilligi, bedenterbiýäniň, saglygyň we gözelligiň talaplaryna laýyk gelýänligi bilen nusgalyk derejä ýeten sport görnüşleriniň kändigine göz ýetirýäris. Olaryň ilkinji ýüze çykanyndan kän wagt geçmänkä dünýäde ykrar edilen sport görnüşleriniň hataryna girenleri hem az däl.