«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Asyrlarboýy köpçüligiň gyzyklanyp gelýän meşhur güýmenjesi bolan tennis naýbaşy sport görnüşleriniň biri hasaplanýar. Ýaşyl we gyzgylt meýdançada (kort) oýnalýan bu sport görnüşi, esasan hem, ýaşlaryň arasynda has ýörgünlidir. Sport görnüşleriniň köpüsiniň özüne mahsus düzgünleri we oýun üçin niýetlenen esbaplary bar. Mysal üçin, futbol ýaşyl meýdançada, bäşburçluklardan düzülen alabeder top bilen oýnalýan bolsa, woleýbol üçin ýeňiljek sarymtyl gök top we setkaly kiçiräk meýdança gerek. Çukurjykly meýdançada geçirilýän golf üçin kiçijik ak toplar we ujy egri taýajyk zerur bolsa, regbi üçin tutmaga amatly ýumurtga şekilindäki top gerek. Tennisiň hem özboluşly şertleri bolup, oýun üçin raketka, tor çekilen meýdança we kiçijik sarymtyl ýaşyl top gerek. Eýsem, tennisde näme üçin ak, gyzyl ýada gök dälde, sarymtyl-ýaşyl toplar saýlandyka?! Geliň, tennis topunyň aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň!