Ronaldomy, Messi?

28 Sentýabr 2024
401

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

2-nji iýu­lyň Sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­di­gi me­ni ta­na­ýan­la­ryň ara­syn­da di­ňe Şü­kür­ba­ýe­wi­çiň ýa­dy­na dü­şüp­dir. Hat­da dog­lan gü­ne hem kän bir äh­mi­ýet ber­me­ýän ada­my hal­ka­ra hü­när baý­ra­my bi­len bag­ly gür­rüň­ler gy­zyk­lan­dyr­ma­jak ýa­ly. Em­ma ony fut­bol bi­parh goý­ma­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne öle­men fut­bol jan­kö­ýe­ri Sü­leý­ma­n bi­len du­şu­şan wagt­la­ry has aý­dyň göz ýe­ti­rip bol­ýar. Bu ge­zek «EURO 2024» we «Copa Ame­rica» (2024) bi­len baş­la­nan gür­rüň «Ro­nal­do­my, Mes­si?» di­ýen ri­to­ri­ki so­wa­la öw­rü­len jüm­le bi­len jem­len­di. Eger 5-nji gat­da­ky iş ota­gy­ma, oz­al­ky­la­rym ýa­ly, bas­gan­çak bi­len gel­sem, oý­lan­ma­ga wag­tym bol­jak­dy. Lif­tiň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nan­ly­gym üçin pi­kir­len­mä­ge ma­ýym bol­ma­dy. Şu gys­ga pur­sat­da fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran ýyl­dyz­la­ry ýat­la­ma­ga ça­lyş­dym.

Hojaberdi Apbaýew.
Beýleki habarlar