Golaýda ýurdumyzyň dzýudo boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, ýaponiýaly hünärmen Tokuno Kazuhiko Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde bolup, bu ýerde bilim alýan ýetginjekler bilen ussatlyk sapagyny geçdi.
Tejribeli tälimçi dzýudonyň inçe tilsimlerini görkezmek bilen, ýaşlaryň hem ukyp-başarnyklaryny synady. Ol türkmen türgenleriniň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.