«Änew: geçmişi we şu güni»

26 Sentýabr 2024
519

Şeýle at bilen 20-nji sentýabrda Erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi.

2024-nji ýylda TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz goşgulary we makalalary bilen gatnaşdylar. Olarda Änew şäheriniň geçmişi we bagtyýar döwrümizdäki ösüşleri, medeni gymmatlyklary, nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň olara bagyşlap döreden eserleri we bu toprakda ýaşap geçen söz ussatlarynyň ömri we döredijiligi öz beýanyny tapýar.

Şamyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar