Garaşsyzlyk — şöhratly geljegimiz

25 Sentýabr 2024
380

Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagyna 33 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýylýar.

Çünki Garaşsyzlyk — munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, Esasy Kanunyna — Konstitusiýasyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Ol — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň beýik geçmişine, buýsançly şu gününe, şöhratly geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepilnamasy bolup durýar.

Şanazar ÖRÄÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.
Beýleki habarlar