Önüm öndürilişi artdyrylýar

25 Sentýabr 2024
440

Türkmenabatdaky «Demirbetonkonstruksiýa» zawodynda gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümlerini öndürmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Bu ýerde gurluşyk işleri üçin ähmiýetli bolan gurnama demirbeton önümleri, keramzit, gurluşyk üçin demir gurnawlary ýaly önümleri öndürilip, gurluşyk meýdançalaryna yzygiderli ugradylýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda gurluşyk üçin betonyň 16 müň 800 kub metri, harytlyk betonyň 1 müň 900 kub metri, keramzidiň 14 müň 600 kub metri, şeýle-de gurluşyk üçin demir gurnawlarynyň 1 tonnasy taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 21 million 420 müň 509 manatlyga deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Beýleki habarlar