Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

25 Sentýabr 2024
661

Şu gün, ýagny 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Dabara ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bäşleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we gymmatbahaly sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler we şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazlary ýaňlandy.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar