Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy türkmen halkyny baky bagta eýe etdi. Şonuň üçin halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açylyp, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-umytlary hasyl boldy. Şol taryhy senäniň saýasynda, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgy setirlerinde arzuwlanan ajap eýýamyň hözirini görüp ýaşaýarys. Garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmak bagty halkymyzyň ykbalyndan ak gün bolup dogdy. Eziz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere, belent sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miwesidir. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň her güni-aýy Garaşsyzlyk senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir.
Bu gün beýik maksatly ýollardan barýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny garşy alýarys. Toý-baýramlaryň zähmet üstünlikleri, dürli derejedäki taryhy wakalar, raýat ruhubelentligi bilen garşylanýan günlerinde Watan mukaddesligi, Diýar gözelligi göwünlere mähir, didelere guwanç berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşler bilen öňe barýan Watanymyzyň ajaýyplygy döwlet baýdagymyzyň görkünde, döwrebap etrap-şäherlerimiziň keşbinde, hasylly atyzlaryň, goýny genji-hazynaly Garagum sähramyzyň gözelliginde, dag-derelerimiziň, deňiz-derýalarymyzyň, asuda asmanymyzyň nurly roýunda şöhlelenip, äleme şugla saçýar. Merdana ata-babalarymyzyň yhlasly arzuwlaryny süňňüne siňdiren ata Watanymyzyň eýe bolan sepgitleri bolsa häzirki zaman dünýäsinde ykrar edilen beýiklik basgançaklaryny külterleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, durmuşa geçirýän aýdyň maksatnamalary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, geljegimizi has-da belentliklere göterjek öňdengörüjilikli sepgitleri nazarlaýar. Bularyň her biri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň ajaýyp görkezijileridir.