Mukaddes Garaşsyzlygyň belent ruhy

24 Sentýabr 2024
660

Eziz Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň arşa galýan zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan bimöçber işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Mukaddes Garaşsyzlyga we hemişelik Bitaraplyga eýe bolan ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hukuk kadalaryna ygrarly ýurt hökmünde giňden tanalyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özüniň şanly Garaşsyzlyk baýramçylygynyň 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuw-umytlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Ähli türkmen halky bu ajaýyp baýramçylyga uly ruhubelentlik bilen barýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara beslenip gelýän halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýy agzybirlik bilen giňden bellenilýär. Baýramçylyk günlerinde ýokary derejede guralýan göwün göteriji dürli medeni çäreler halkymyzyň döwletliliginden we il agzybirliginden nyşandyr. Ýurdumyzda her ýylda ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýan bu baýramçylyk halkyň şu günki ýeten belent derejeleriniň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halky beýik Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn uly sarpa goýýar. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Mähriban halkymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti netijesinde, Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly we hemmetaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünlikleri, ägirt uly ösüşleri gazandy, syýasy, ykdysady we medeni taýdan belent sepgitlere ýetdi. Ata Watanymyzyň dünýädäki abraýy hem yzygiderli ýokarlandy. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy babatynda-da yzygiderli ösüşler gazanylýar. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli, kämil nesiller edip ýetişdirmek bu günki gün döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Elbetde, eşretli zaman, ajaýyp durmuş, galkynyş, ruhy we medeni, ykdysady taýdan gazanylýan ösüşler – bularyň hemmesi ýurt Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir. Ata Watanymyzyň taryhynyň täze sahypalaryna ýazylýan deňsiz-taýsyz üstünlikleri we zähmet ýeňişleri özüniň öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň okgunly ösüşini, halkymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny belent derejelere göterýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

Gülşirin OTUZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar